Bitaraplyk binasy
Bitaraplyk binasy — Aşgabadyň öňki merkezinde ýerleşen, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyny alamatlandyrýan ýadygärlikdir. 1998-nji ýylda gurulyp, üç ayakly kemer görnüşinde 75 metr beýiklikdedir.
Bitaraplyk binasy Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan gurulyp, üstünde 12 metr beýikdäki altyn reňkli, Gün tarapyna öwrülýän heýkel ýerleşdirilipdi. 2010-njy ýylda Kurbankuly Berdimuhamedow tarapyndan şäheriň kenarýakasyna göçürildi. Türk firmasy Polimeks tarapyndan sökülip, täze ýerine ýerleşdirildi. Häzirki wagtda heýkel hereket etmeýär, emma binanyň içinde asansörler we panoramiki syn platformasy bar. Gijelerine yşyklandyrylyp, syýahatçylaryň ünsüni çekýän ýerleriň biridir.
